Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Ylym we bilim ministrligi 2026 — 2027-nji okuw ýyly üçin «Geýdar Alyýew adyndaky halkara bilim granty» maksatnamasynyň başlanýandygyny habar berýär. Azerbaýjanyň Hökümetiniň ýokary bilim almak üçin niýetlenen talyp haky 5 ýylyň dowamynda her ýyl berler.
«Geýdar Alyýew adyndaky halkara bilim granty» maksatnamasy saýlanyp alnan dalaşgärlere Azerbaýjanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde taýýarlyk kurslarynda, şeýle hem bakalawriat, magistratura, doktorantura, umumy lukmançylyk boýunça ordinatura we lukmançylyk hünärleri boýunça bilim almaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. Her ýyl 100 sany daşary ýurtly dalaşgär bu talyp hakyny almaga hukuk gazanar.
Talyp hakyny almaga saýlanyp alnan dalaşgärlere aşakdaky ýeňillikler berler:
1. OKUW TÖLEGI: Bakalawriat, magistratura, ordinatura we doktorantura derejelerinde okalýan döwürde okuw tölegi we dil taýýarlygy kurslarynyň tölegi (okuw diline laýyklykda) doly maliýeleşdiriler.
2. HALKARA AWIAGATNAWLAR: Ýylda bir gezek Bakuwa çenli (gelýän ýurdundan) we Bakuwdan (öz ýurduna) ekonom-klass uçar petegi.
3. AÝLYK KÖMEK TÖLEG: Ýaşamak, gündelik çykdajylar we okuw esbaplary üçin her aýda 800 azerbaýjan manady (470 ABŞ dollary) möçberinde kömek puly (iýul we awgust aýlaryndan beýleki 10 aýda).
4. LUKMANÇYLYK ÄTIÝAÇLANDYRMASY: Azerbaýjan Respublikasynda bilim alýan döwründe lukmançylyk hyzmaty we dermanlar üçin ýyllyk 200 azerbaýjan manady (117 ABŞ dollary) möçberinde töleg.
5. WIZA WE BELLIGE ALYŞ: Azerbaýjan Respublikasyna girmek üçin birgezeklik wiza, şeýle hem her okuw ýylynyň dowamynda ýurtda bolmak üçin wagtlaýyn ýaşaýyş rugsady.
Arza bermek boýunça doly maglumat bilen şu çeşme boýunça tanşyp bilersiňiz.