1889-njy ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Elmon Stroujer awtomatik telefon stansiýasyny patentleşdirdi.
1881-nji ýyl. Häzirki zaman türk döwletiniň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürk dünýä indi.
1894-nji ýyl. «Coca-Cola» ilkinji gezek çüýşelerde satylyp başlandy. Şol güne çenli bu içgi diňe guýma görnüşinde satylýardy.
1896-njy ýyl. Sankt-Peterburgdaky uniwersitetiň binasynda A.S.Popowyň oýlap tapan enjamynyň kömegi bilen dünýäde ilkinji radiogramma ugradyldy. Munuň özi ylymda we aragatnaşykda taryhy öwrülişik hökmünde bellige alyndy.
1913-nji ýyl. Kanberra şäheri Awstraliýanyň paýtagty boldy.
1918-nji ýyl. Moskwa şäherine Russiýanyň paýtagty derejesi gaýtarylyp berildi. Şol güne çenli bolsa bu dereje Petrograd şäherine degişlidi.
1974-nji ýyl. «Mars-6» stansiýasy Marsa gondy we ilkinji gezek Ýere bu planetanyň atmosferasy hem-de topragy baradaky maglumatlary iberdi.
2023-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçirilen 95-nji «Oskar» baýraklaryny gowşuryş dabarasynda «Hemme zat, hemme ýerde we bir wagtda» («Everything Everywhere All at Once») filmi 7 ugur boýunça baýrak alyp, agşamyň esasy ýeňijisi boldy.