Paýtagtymyzda ýetginjekleriň arasynda badminton boýunça Dostluk kubogy ugrunda ýaryş geçiriler.
4-5-nji aprelde Aşgabatdaky halkara mekdepde (QSI) guraljak bäsleşik 14 ýaşa (U14) hem-de 18 ýaşa (U18) çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda aýratynlykda ýaýbaňlandyrylar. Ýaryşlar şol gün 10:00-da başlanar.
Türkmenistanyň Badminton federasiýasy bilen bilelikde geçirilýän ýaryş sportuň şu görnüşinden iň zehinli ýetginjekleri ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Galyberse-de, Dostluk kubogynyň ýaşlaryň boş wagtyny peýdaly geçirmegini gazanmakda netijeli ädim hem-de Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde alnyp barylýan işlere uly goşant boljakdygyny şübhesizdir.
Elbetde, bu ýaryş 2024-nji ýylyň noýabrynda resmi taýdan esaslandyrylan Türkmenistanyň Badminton federasiýasynyň ýurdumyzda sportuň şu görnüşini ösdürmek ugrundaky netijeli işleriniň üstüni ýetirer. Çünki bäsleşik ýaşlaryň ençemesini badminton bilen meşgullanmaga höweslendirer.
Ýeri gelende bellesek, türkmen badmintonçylary eýýäm halkara ýaryşlarda uly tejribe toplamagyň hötdesinden geldiler. Ildeşlerimiz 2025-nji ýylda Stambulda geçen ýaşlaryň arasyndaky halkara ýaryşda hem-de Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin çempionatynda mynasyp çykyş etmegi başardylar. Sportuň bu görnüşinden milli ýygyndy toparymyza zehinli türgenleriň wekilçilik etmegi badminton boýunça milli mekdebimiziň geljeginiň ulydygyny görkezýär. Şunda Türkmenistanyň Badminton federasiýasynyň ähmiýetli işleri durmuşa geçirýändigini nygtamalydyrys.
4-nji aprelde başlanjak Dostluk kubogyna 70-den gowrak türgen gatnaşar. Munuň özi oglanlaryň hem gyzlaryň arasyndaky bäsleşikleriň çekeleşikli hem dartgynly geçjekdigini tassyklaýar.