Paýtagtymyzda maliýe hyzmatlarynyň ikinji festiwaly geçiriler. Geliň festiwalyň senesi, geçiriljek ýeri hem-de aýratynlyklary hakyndaky sanlara we maglumatlara ser salalyň. Biziň bu ýazgymyzda hödürlenjek maglumatlar ähmiýetli festiwala gatnaşmaga isleg bildirýänler üçin gaýybana çakylyk bolar.
18-nji aprelde «Arkaç» işewürlik merkezinde geçirilýän festiwalyň hasaba alyş we maliýe ýarmarkasy 10:00-dan başlanýar.
Maliýe ýarmarkasy – 10:00 – 17:00
Konferensiýa – 11:00 – 17:00
Çagalar üçin maliýe zolagy – 13:30–15:00
Çäräniň guramaçylary — «Durnukly maliýe merkezi» we «Açyk ýürek» hojalyk jemgyýetleri bolup, çäre Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň goldaw bermeginde geçirilýär.
«FinFest Turkmenistan 2026» — bu maliýe hyzmatlaryna bagyşlanan ikinji festiwal bolup, ol milli derejede hünär, bilim we kommunikasiýa platformasy hökmünde çykyş edýär. Festiwal ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, maliýe hyzmatlaryny aňly-düşünjeli ulanmak medeniýetini ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň maliýe bazarynyň durnukly ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Festiwal maliýe institutlaryny, ätiýaçlandyryş, dellalçylyk, baha kesiş, audit, IT we maslahat beriş kompaniýalaryny, bilim merkezlerini, telekeçileri, ýaşlary hem-de giň jemgyýetçiligi birleşdirip, açyk dialog, amaly bilim alyş we hyzmatdaşlyk üçin giňişlik döredýär.
«FinFest Turkmenistan 2026» has giň gerimli we interaktiw görnüşde geçirilýär. Esasy üns ara alyp maslahatlaşmalara, gatnaşyjylaryň işjeňligine we amaly peýda gönükdirilýär.
Onuň esasy aýratynlygy bolsa maliýe sowatlylygy boýunça çagalar üçin interaktiw zonanyň döredilmegidir.
Bu zona çagalary maliýe dünýäsiniň ilkinji ädimleri bilen tanyşdyrýan giňişlik bolup, bu ýerde çagalar:
esasy maliýe endiklerini öwrenýärler;
irki ýaşdan maliýe jogapkärçiligi medeniýetini ösdürýärler;
pul we bank hyzmatlary bilen interaktiw oýunlar arkaly tanyşýarlar.
Ýarmarka gatnaşmaga çagyrylýar:
maliýe institutlary;
gazna biržalary;
ätiýaçlandyryş, baha kesiş, audit we dellalçylyk kompaniýalary;
maliýe çözgütlerini hödürleýän IT kompaniýalary
bilim merkezleri
Gatnaşmak isleýänler üçin:
Siz gymmatly bilim alarsyňyz, täze hyzmatdaşlyklar gazanarsyňyz we täze maliýe mümkinçiliklerini açarsyňyz.
«FinFest Turkmenistan» — bu diňe bir çäre däl, eýsem maliýe taýdan sowatly, ykdysady taýdan işjeň we sosial taýdan jogapkär jemgyýeti kemala getirýän uzak möhletleýin platformadyr.
Gatnaşmak üçin:
Festiwala gatnaşmak üçin saýtymyz arkaly hasaba alynmaly. Orunlar çäklidir!
Habarlaşmak üçin:
«Durnukly maliýe merkezi» HJ:
+99362609454 / +99364973003
fincenterygtybarly@gmail.com
info@finfest-tm.com
www.finfest-tm.com