Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Tanyşlygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we önümçilik maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, iş otaglarynyň üpjünçiligine degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu ýerde şäheriň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň, söwda we işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, medeni-durmuş maksatly binalaryň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
D.Orazow şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleriniň depginleri, beýleki binalaryň içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde mukaddes Oraza aýynyň dowam edýändigini, bu aýda tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda-da sogap işleriň berjaý edilýändigini belläp, Oraza aýynda agzaçar sadakalarynyň berilmeginiň asylly däbe öwrülendigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz 15-nji martdan 16-syna geçilýän gijäniň Gadyr gijesi diýlip kesgitlenendigini belläp, hormatly ýaşulularyň, dili senaly enelerimiziň, welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň kesgitlenen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygy, şäheriň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesiniň degişli ýagdaýda saklanýandygy barada maglumat berdi. Şeýle-de häkim Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň, giň möçberli dabaralaryň maksatnamasy barada habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny belledi. Şeýle-de binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň seýilgähiniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi.
«Akylly» şäheriň çäklerinde gurulýan desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine, oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna hem üns bermelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşendigini nazara alyp, seýilgähde oturdylan düýe kerweniniň özboluşly aýratynlygyna ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz parahat durmuşyň nyşany bolan boýny jaňly ineriň yzyna tirkelen düýeleriň keşbinde milli gymmatlyklaryň, söwda kerwenlerine degişli serişdeleriň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz seýilgähiň çäklerinde oturdylan bedewleriň şekillerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Umuman, häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu işlere örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.