1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary janköýerlere garaşylmadyk pursatlary we köp sanly gollary peşgeş berdi. Stambulda iň az hasaply ýeňşiň baýram edilýän wagty Bergamo we Madrid şäherlerinde faworitler jogap oýunlaryna garaşmazdan, eýýäm ýeňijiniň kimdigini anykladylar diýen ýaly.
Gijäniň iň uly lapykeçligi «Atletiko» bäş gol geçirden Londonyň «Tottenhem» topary we öz meýdançasynda Mýunheniň «Bawariýasynyň» güýjüne döz gelip bilmedik «Atalanta» boldy. Şol bir wagtda «Barselona» ýaş ýyldyz Lamin Ýamalyň soňky sekuntlarda takyk uran penalti urgusy arkaly Nýukaslda ýeňilmekden halas boldy. Iňlis topary ýeňiş mümkinçiligini elden giderdi.
11-nji marta geçilen gijedäki oýunlaryň netijeleri:
«Galatasaraý» — «Liwerpul» 1:0
(Gol: Lemina 7')
«Nýukasl Ýunaýted» — «Barselona» 1:1
(Gollar: Barns 86' — Ýamal 90+6' p.)
«Atletiko Madrid» — «Tottenhem» 5:2
(Gollar: Lorente 6', Grizmann 14', Alwares 15', 55', Le Norman 22' — Porro 26', Solanke 76')
«Atalanta» — «Bawariýa Mýunhen» 1:6
(Gollar: Paşaliç 90+3' — Sranişiç 12', Olise 22', 64', Gnabri 25', Jekson 52', Musiala 67').
Jogap oýunlary bir hepdeden soň geçiriler.
Şu günki oýunlaryň tertibi (11-nji martdan 12-nji marta geçilýän gije):
«Baýer 04» — «Arsenal»
(Aşgabat wagty bilen 22:45-de başlaýar)
«Real Madrid» — «Mançester Siti»
(Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlaýar)
«PSŽ» — «Çelsi»
(Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlaýar)
«Budýo-Glimt» — «Sporting»
(Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlaýar).