«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi professional karýerasynda geçiren gollarynyň sanyny 900-e ýetirip, täze bir rekordyň eýesi boldy. Argentinaly ýyldyzyň ýubileý goly KONKAKAF-yň Çempionlar Kubogynyň çäginde «Neşwill» toparyna garşy geçirilen duşuşykda (1:1) hasaba alyndy.
Şeýle görkezijä ýetmek üçin 38 ýaşly hüjümçä 1142 oýun gerek boldy — bu bolsa futbol taryhynda absolýut dünýä rekordydyr. Messi bu ugurda özüniň esasy bäsdeşi Kriştianu Ronalduny yzda galdyrmagy başardy. Maglumat üçin aýtsak, Ronaldunyň 900 gol sepgidine ýetmegi üçin 1236 duşuşyk gerek bolupdy. Şeýle hem argentinaly hüjümçiniň bu rekordy goýan wagty portugaliýaly bäsdeşinden bir ýaş kiçidigini nygtamalydyrys (38 we 39 ýaş).
Lionel Messiniň toparlar boýunça uran gollarynyň statistikasy:
«Barselona»: 672 gol
Argentinanyň ýygyndysy: 115 gol
«Inter Maýami»: 81 gol
«PSŽ»: 32 gol
Toparyň kapitanynyň gazanan şahsy üstünligine garamazdan, «Inter Maýami» Çempionlar Kubogynyň şu möwsümdäki ýaryşlaryny tamamlady. Häzirki wagtda «Altyn topy» sekiz gezek gazanan Messi futbolyň taryhyndaky iň netijeli golçularyň sanawynda 965 goly bolan Ronaldudan soňky — ikinji orunda barýar.