Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars dili okuwlaryna kabul edilişlik açyldy

MilliInfo

2 sagat öň

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi isleg bildirýänleriň ählisini dil öwreniş okuwlaryna çagyrýar.

Okuw maksatnamasy okuw tertibiniň amatly görnüşlerini hödürleýär. Diňleýjiler aşakdaky iki tertibiň birini saýlap bilerler:

  • Birinji tapgyr (25-nji martdan başlap): sapaklar duşenbe, çarşenbe we anna günleri geçiriler.

  • Ikinji tapgyr (26-njy martdan başlap): sapaklar sişenbe, penşenbe we şenbe günleri geçiriler.

Ýokary derejedäki amatlylygy üpjün etmek üçin sapaklar bäş wagt aralygyna bölünendir:

  • Irki wagt tertibinde: 09:00 – 10:30 we 10:45 – 12:15

  • Öýlänki wagt tertibinde: 14:30 – 16:00

  • Giçki wagt tertibinde: 16:15 – 17:45 we 18:00 – 19:30

Okuwlara ýazylyşyk 16-njy marta çenli (şol gün hem degişli) dowam eder. Arzalary kabul etmek işleri her gün (ýekşenbe gününden başga) aşakdaky wagt tertibinde amala aşyrylýar:

  • 12-nji mart: 15:00 – 17:00

  • 13-nji mart: 10:00 – 13:00

  • 14-nji mart: 17:00 – 19:00

  • 16-nji mart: 10:00 – 11:30

Goşmaça maglumatlary we gyzyklandyrýan soraglara jogaplary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: 93-42-11 we 93-42-09.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info