Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara Gutlagynyň okalmagy ajaýyp forumyň möhüm ähmiýete eýediginiň subutnamasy boldy.
Giň sergi meýdançasynda gurnalan pawilýonlaryň her biri özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, Watanymyzyň milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda eýe bolan ajaýyp üstünliklerini şöhlelendirýär. Bu bolsa ilkinji gezek geçirilýän bu köpugurly halkara serginiň täze işewürlik mümkinçiliklerini döredip, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynamyňy artdyrýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň 100-den gowrak döwletinden dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara, uly tejribä eýe bolan iri kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Nobatdaky sergi bolsa bu görkezijiniň üstüniň has-da möhüm sanlardyr maglumatlar bilen ýetirilmegine ýardam eder.
Ähmiýetli gözden geçiriliş sözüň doly manysynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk we ösüş mümkinçiliklerini utgaşdyrýar.