BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan ýaşlar üçin guralan okuw maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösüşinde emeli aňyň (EA) hem-de sanly innowasiýalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sessiýanyň dowamynda BMGÖM-niň halkara bilermeni, jenap Tristan Post emeli aňyň bilimi, döwlet hyzmatlaryny we geljekki hünärleriň bazaryny nähili özgerdýändigi barada gürrüň berdi. Ol sanly endikleriň, etikanyň we tehnologiýalary jogapkärli peýdalanmagyň ähmiýetini aýratyn belledi.
Gatnaşyjylar emeli aňyň ösüş ýoluna — onuň ilkinji tapgyrlaryndan başlap, häzirki zaman kämil ulgamlaryna çenli seretdiler hem-de awtomatlaşdyrmagyň we täze tehnologiýalaryň zähmet bazaryny nähili üýtgedýändigini maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda geljekde isleg bildiriljek başarnyklara, täze hünärlere, şeýle hem emeli aňyň jemgyýete ýetirýän has giň täsirine aýratyn ähmiýet berildi.
«Ýaşlar we sanly özgerişlikler: durnukly ösüş üçin innowasiýalar» atly okuw maslahatlarynyň tapgyry 2024-nji ýylda BMGÖM bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirildi.
Bu çäreler ýaşlara sanly tehnologiýalary öwrenmäge we Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) baradaky bilimlerini berkitmäge mümkinçilik berýär. Olar BMGÖM-niň ýaşlary innowasiýalaryň we durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde kämilleşdirmäge, olary ýurduň sanly geljegini kemala getirmäge işjeň gatnaşmak üçin zerur gurallar bilen üpjün etmäge bolan ygralylygyny görkezýär.