Şu agşam janköýerlere Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň iň gyzykly duşuşygy garaşýar. Madridiň «Realy» «Santýago Bernabeu» stadionynda «Mançester Sitini» kabul edýär. Oýun Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanýar. Duşuşygy «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer.
Ýer eýeleri düzümi babatda uly kynçylyklary başdan geçirýärler: Mbappe, Alaba, Bellingem, Sebalýos, Militao we Rodrigo ýaly esasy oýunçylar şikesleri sebäpli, şu günki oýunda öz klublaryna kömek edip bilmezler. Bu ýagdaýda soňky 10 duşuşygyň 8-sinde ýeňiş gazanyp, durnukly oýun görkezýän «Mançester Sitiniň» artykmaçlygy uly.
«Man Siti» toparynyň düzüminde hem şikes sebäpli, goragçylar Riko Lýuis bilen Ýoşko Gwardiol, şeýle-de ýarymgoragçy Mateo Kowaçiç ýaly ussatlar duşuşyga gatnaşyp bilmezler.
Toparlar şu möwsümde Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda hem duşuşypdylar. Madridde geçen şol oýun hem «Mançester Sitiniň» myhmançylykdaky 1:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Ýeri gelende bellesek, «Real» indi birnäçe ýyl bäri ýaryşyň pleý-off tapgyrynda «Mançester Sitiniň» garşysyna çykýar. Şonuň üçin hem, häzirki wagtda bu toparlar esasy garşydaşlar hasaplanylýar. Iki klubyň özara oýunlarynyň statistikasynyň deň bolmagy nobatdaky oýny has-da gyzyklandyrýar.