Kino simfoniýasy: filmleriň meşhur saundtrekleri Mukamlar köşgüniň sahnasynda ýaňlanar

MilliInfo

16 Mart, 2026

Kinodaky saz — bu haýsydyr bir ýönekeý meýdança (fon) däl-de, eýsem, her bir hekaýanyň kalby. 5-nji aprelde sagat 19:00-da Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri sizi meşhur filmleriň sahypalaryna ýatdan çykmajak syýahata çagyrýar.

Şol agşam Mukamlar köşgüniň diwarlary bizi ekranlaryň öňünde haýrana goýan rowaýaty sazlaryň güýçli we janly owazy bilen kalbymyzy lerzana getirer. Siz epiki orkestr eserlerinden başlap, näzik hem-de täsirli sazlara çenli — dünýä kinematografiýasynyň nusgawy eserine öwrülen owazlary diňläp bilersiňiz.

Belent sungat ruhunda söýgüli pursatlaryňyzy täzeden gaýtaryp getirmek mümkinçiligini elden bermäň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info