Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň üçünji ýyl talyby Mukam Bekgylyjowyň eserleri Penzada neşir edilýän «Sura» atly rus edebi-çeper žurnalynda çykdy. Ýaş awtoryň goşgular toplumyny rus diline belli şahyr we žurnalist Andreý Nowikow terjime etdi. Durmuş we söýgi mowzuklary esasy orun eýeleýän Mukamyň döredijiligi bilen türkmen okyjylary milli metbugat arkaly eýýäm ýakyndan tanyşdyrlar.
Talyp ýigit okuwdan daşary ýokary okuw mekdebiniň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýar we dürli döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýär. Onuň poeziýasy many çuňňurlygy we duýgurlygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa ozal hem oňa daşary ýurt neşirleriniň sahypalaryna ýol açypdy. Mysal üçin, şu ýylyň başynda Mukam Bekgylyjowyň goşgular toplumy Moskwanyň «Литературные знакомства» («Edebi tanyşlyklar») žurnalynda, şeýle hem Belarusyň «Метаморфозы» («Metamorfozalar») edebi-çeper žurnalynda ýerleşdirilipdi.
Andreý Nowikowyň terjimeçilik işi Russiýadaky we Belarusdaky giň okyjylar köpçüligine Türkmenistanyň häzirki zaman şygryýet sözi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Şeýle halkara edebi meýdançalaryň türkmen awtorlarynyň döredijiligine aýratyn üns berýändigini bellemek gerek. Şunuň ýaly neşirler sungat we edebiýat arkaly medeni dialogy giňeltmek hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm platforma öwrülýär.