«Toyota» kompaniýasy «RAV4-iň» «GR Sport» görnüşindäki flagman modelini tanyşdyrdy

MilliInfo

25 Fewral, 2026

«Toyota» kompaniýasy Ýaponiýada 2026-njy ýylyň nusgasyndaky «RAV4» krossoweriniň zarýad berilýän (PHEV) gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Täze model adaty öz-özünden zarýad alýan gibrid nusgasynyň ornuny tutar.

Gibrid ulgamy 2,5 litrlik hereketlendirijiniň binýadynda işlenip düzüldi, onuň umumy kuwwaty 329 at güýjüne deňdir. Bu täze «RAV4» modeli üçin iň kuwwatly güýç beriji gurluşdyr. Onuň diňe elektrik energiýasy bilen geçip bilýän aralygy 150 kilometre ýetýär. Awtoulag energiýany iki tarapa ibermek ulgamy bilen enjamlaşdyryldy — gibrid model daşarky elektrik enjamlaryny tok bilen üpjün edip bilýär.

Model iň ýokary iki nusgasynda hödürlenýär we olaryň her biri doly çekiji ulgam bilen üpjün edilendir. «Z» toplumynyň bahasy 38,5 müň dollar bolsa, «GR Sport» toplumynyň nyrhy 40 müň dollar barabardyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info