Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Sungat äleminiň bahary» atly sergi açyldy

MilliInfo

4 Mart, 2026

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyplaryň we mugallymlaryň 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe bagyşlanan işleriniň «Sungat äleminiň bahary» atly sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasynyň kiçeňräk konsert bilen tamamlanmagy bellenmäge mynasypdyr.

Sergide görkezilýän Mähriban Işangulyýewanyň «Baýramçylyk etýudy», Roza Agahanowanyň «Bäş çigildem», Oguljahan Ýazgalaýewanyň «Güller», Laçyn Şirmyradowanyň «Gül» atly işleri aýratyn ünsüňi çekýär. Suratlarda we gobelenlerde çarçuwalaryndan gülüp bakýan bägüller, çopantelpekler, gülälekler gözellikde bäsleşip, myhmanlary özlerine çekýär. Gül baharyň alamaty we zenanlar üçin iň gowy sowgatdyr. Hatda dizaýnerler hem baýrama kubiklerden, toplardan we beýleki geometrik şekillerden düzülen gül desselerini hödürlediler.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsoltan Muhammedowanyň işi serginiň ähli ünsi özünde jemleýän bezegi boldy. Bu iş bäş suratdan ybarat bolup, olaryň dördüsinde görlüp-eşidilmedik gözel güller bark urýar, ortarasynda bolsa «Gözel gyz Maralyň portreti» bar. Dursunsoltan Muhammedowa – tanymal keramikaçy, ýöne suratkeş hökmünde-de üstünlikli çykyş edýär.

Hatyja Amansähedowa «Gözelim» suraty üçin Magtymguly Pyragynyň goşgusyndaky «Garaňky gijede düşer ýalkymy» setirini ulanypdyr. Ol ajaýyp ahalteke atyny idip barýan owadan türkmen gyzyny suratlandyrypdyr. Aý yşygyna iki gahrymanyň gözelligi syrly mana eýe bolýar – ahalteke aty dünýäde iň owadan at hökmünde ykrar edilýär, ýöne gyza ýakyndan bir syn ediň, eýse onuň gözelligi «dünýäniň iň owadan gyzy şudur» diýdirmeýärmi?

Nurjahan Gulyýewa we Gülşat Rejebowa dürli bölümlerde okaýan dürli ýyllar talyby. Emma ikisem milli zenan geýimleriniň biçüwine çynlakaý höwes besleýärler. Gyzlar sergide häzirki zaman gündelik geýimleriň we baýram lybaslarynyň alty sanysyndan ybarat öz döreden toplumyny görkezdiler.

Haly bölüminiň talyplary hem el hünäri bilen tapawutlandylar – olar sergide köp sanly haly ýantorbalar görkezdiler. Şeýle köp sanly işi ýerleşdirmek üçin üç sany ýer açmaly boldy. Emma her bir modaçy zenan reňkine we geýimine laýyk ýan torbasyny saýlap bildi.

«Sungat äleminiň bahary» atly sergi öz adyna kybaplygy tapawutlandy. Işleriň awtorlary sergä gelenlere sungatyň ähli görnüşleri arkaly baýram ruhuny bagyş etmegi başardylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info