Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň döwlet tapgyryna welaýatlarda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda 1-nji we 2-nji orunlara eýe bolan zehinli gyzjagazlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan zehinli gyzjagazlar gatnaşýarlar.
Jemleýji tapgyrda eýjejik gyzjagazlaryň 15-si üç şert boýunça özara bäsleşdi. Olar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli lybaslary geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek ýaly ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigi guraýjy düzümleriň wekillerinden, belli medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary gyzjagazlaryň her bir çykyşyna, el işlerine mynasyp baha berdi. Netijede, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüniň 4-nji synp okuwçysy Leýli Mowlamowa bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Zöhre Saparowa 1-nji, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýperi Annaberdiýewa hem-de Babadaýhan etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogulşirin Annalyýewa 2-nji, Gyzylarbat etrabyndaky maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Merýem Durdyýewa, Oguzhan etrabyndaky takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Eneş Daňatarowa we Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogultagan Nuryşewa bolsa 3-nji orunlary eýelediler.
Eminler toparynyň gelen çözgüdine laýyklykda, ukyp-başarnyklary bilen aýratyn tapawutlanan beýleki ýaş zehinler hem «Mahmal owazly gyzjagaz», «Milli zynatly gyzjagaz», «Çeper waspçy gyzjagaz», «Watançy gyzjagaz», «Şahandaz gyzjagaz», «Saýrak dilli gyzjagaz», «Şirin owazly gyzjagaz», «Eli hünärli gyzjagaz» ýaly atlara mynasyp boldular.
Baýrakly orunlara, degişli atlara mynasyp bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan Hormat haty, ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.