Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) ýokanç däl keselleri bejermek üçin derman serişdelerini yzygiderli getirip bermek arkaly bu keseller bilen göreşmek ulgamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGweDSM) goldaw bermegini dowam etdirýär.
Şunlukda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek üçin derman serişdeleri bilen üpjün etmek baradaky Ylalaşygyň çäklerinde BMGÖM onkologiýa we gematologiýa kesellerini bejermek üçin niýetlenen dermanlaryň nobatdaky tapgyryny getirip berdi.
Täze tapgyryň düzüminde ministrlige aşakdaky derman serişdeleri gowşuryldy:
Paklitaksel
Immunoglobulin
Ganyň lagtalanmagynyň VII faktory
L-asparaginaza
Metotreksat
Trastuzumab
Rituksimab
Hlorambusil
Gidroksikarbamid
Bu ädim BMGÖM-niň ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna her ýyl derman serişdeleriniň 60-a golaý görnüşini tabşyrmak boýunça ägirt uly taslamasynyň bir bölegidir. Şeýle çäreler onkologiýa we gematologiýa kesellerinden ejir çekýän näsaglar üçin bejerginiň elýeterliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
2021-nji ýyldan bäri BMGÖM ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça taslamalary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň doly maliýeleşdirmeginde amala aşyryp gelýär.