Ahalteke bedewine bagyşlanan halkara bäsleşik GDA-nyň kinematografiýaçylaryny birleşdirer

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginiň emin-agzalarynyň utgaşdyryjy duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen guralan bu giň gerimli döredijilik taslamasy Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlandy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew we Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow gatnaşdy.

Şeýlelikde, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewi GDA halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin kämil nyşana öwürýär. Film bäsleşiginiň esasy maksady ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we gatnaşyjy ýurtlaryň milli kinematografiýasyny wagyz etmekden ybaratdyr. Eserleri kabul etmek fewral aýynda başlandy, taslamanyň kulminasiýasy bolsa 2026-njy ýylyň oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolar.

Hünär taýdan baha bermegi üpjün etmek üçin eminler toparynyň düzümine GDA-nyň dürli ýurtlaryndan kino ulgamynyň öňdebaryjy wekilleri, sungaty öwrenijiler we atçylyk pudagynyň hünärmenleri girdi. Eminler toparyna türkmen tarapyna Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew wekilçilik edýär. Döredijilik we hünär çemeleşmeleriniň şeýle sazlaşygy diňe bir filmleriň çeperçilik gymmatyna däl, eýsem, bedewiň keşbiniň takyk berlişine-de baha bermäge mümkinçilik döreder.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda emin-agzalary saýlap almagyň ölçegleri we özara hereket etmegiň tehniki meseleleri ylalaşyldy. Guramaçylar «Bedew bady: güýç hem gözellik» bäsleşiginiň ussatlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin abraýly meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Bu taslama diňe bir dokumental we çeper kinoda täze atlary açman, eýsem, GDA-nyň media giňişliginde medeniýetleriň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we hünär aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info