«Baronessa» lakamly piton tebigatdaky iň uzyn ýylan boldy. Rekordçynyň ölçeglerini ölçeýän gerpetologlar rahatlananda onuň 10% uzap biljekdigini çaklaýarlar.
Uzynlygy ýedi metrden gowrak bolan ýylan Indoneziýanyň günorta-günbataryndan tapyldy. Bilermenler topary süýrenijiniň adyny göterýän ölçeglerini, agramyny seljerdiler we ony howpsuz gurşawa goýdular.
Pitonlar zäherli däl, muňa garamazdan, olar mallar we adamlar üçin howp döredýärler. Güýçli myşsalaryny ulanyp, şeýle ýylanlar öz awlaryny gysýarlar we bogýarlar. Şeýle hem olar has uly awlary, hatda sygyry hem ýuwutmaga ukyplydyrlar. Sürenijiniň agramy 96,5 kg boldy. Elbetde, bu aç garyn bilen bellige alnan görkeziji.
Pitonlar, adatça, köp ilatly ýerlere barmaýarlar, ýöne ýaşaýyş ýerleriniň ýok edilmegi olary adaty awlaryndan mahrum edýär. Şunlukda, bu jandarlar näbelli ýerlerde aw etmäge mejbur bolýarlar. Ýerli ýaşaýjylar howp döredýändigine ynanan ýagdaýlarynda, köplenç ýylanlary öldürýärler.
Barlagçylar ýylany ýerli tebigaty goraýjynyň emläginde gaýtadan ýerleşdirdiler. Bu ýerde ýylan howpsuz bolar. Olar wagtyň geçmegi bilen adamlaryň ýylanlary özleri üçin howp däl-de, ekoulgamyň nyşany hökmünde görüp başlajakdygyna umyt edýärler.
Show more