Buýanly çörek — saglygyň özeni

MilliInfo

11 Mart, 2026

Buýan derman senagatynda saglyk üçin ýokary derejede peýdalanylýan otjumak ösümlik  hasaplanylýar. Onuň düzüminde saglygy berkidiji witaminler, belli bir mukdarda mineral maddalar saklanýar. Buýanyň esasy  ugry dümew, sowuklama, üsgülewük, demgysma kesellerini bejermek bolup durýar. Şeýle hem ondan dürli şerbetler  we çörek önümleri taýýarlanýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň  derman serişdeleriniň ýygyndysyndaky sanawynda bu ösümlige ilkinji bäşlikden orun berilýär. Süýji buýanyň düzüminde ep-esli glisirizin turşusy bolup, bu turşynyň esasynda allergiýa, sowuklama, bronh demgysma we wiruslara garşy derman taýýarlanýar.
Umuman alanyňda, buýan 5 müň ýyldan gowrak wagtdan bäri derman serişdesi hökmünde ulanylýar. Onuň kökünde wiruslaryň işjeňligini peseldiji birleşmeler saklanýar. Şonuň üçin hem, geljekde ýene-de derman senagatynda buýan ösümliginiň ulanylyşynyň yzygiderli ösmegine garaşylýar. Belli bir wagtyň özünde beýleki pudaklarda hem buýan ösümligi ulanylýar: ýagny, azyk senagatynda, kosmetikada we ş.m.
Keselleriň öňüni almak maksady bilen dürli görnüşli çörek we çörek-bulka önümlerini taýýarlamak üçin buýan köküniň ekstraktyny ulanmak mümkinçiliklerine seredilýär. Çörek iň köp sarp edilýän iýmit önümleriniň hataryna girýär we adamyň ömri üçin zerur bolan maddalary öz içine alýar. Çörek we çörek-bulka önümleriniň arzan kaloriýalylygy göz öňünde tutulyp, onuň sarp edilişi yzygiderli artýar. Bu bolsa önümçiligiň göwrüminiň degişli derejede ýokarlanmagyna getirýär. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info