Derde derman atgulak

MilliInfo

21 sagat öň

Howasy tenekar, suwy melhem türkmen topragy dermanlyk ösümliklere diýseň baýdyr. Şol ösümlikleriň biri hem atgulakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XI tomunda atgulak barada gyzykly maglumatlary beýan edýär.

Atgulak ir döwürlerden bäri Gadymy Hytaýda, Rimde we Gresiýada melhem hökmünde giňden ulanylypdyr. Gündogaryň lukmanlary hem bu otuň täsin aýratynlyklary barada öz işlerinde ýazypdyrlar. Uzak demirgazyk ýurtlaryndan başga ähli ýerde bitýän atgulagyň dünýä ýüzünde ýüzlerçe görnüşi bar. Atgulagyň latynça ady «nal» we «hereket» sözlerinden emele gelip, ony aýak yzyna meňzedipdirler. Amerikan indeýleri bu oty «Ak adamyň aýak yzy» diýip atlandyrypdyrlar.

Halk lukmançylygynda atgulagyň porrugynyň tozy gakylyk goparyjy serişde hökmünde peýdalanylýar. Onuň ýapraklarynyň we miweleriniň peti ýumşak çişlerde, dömme düwürtiklerde, ownuk düwürtiklerde, iriňli ýaralarda peýdalanylýar. Bulardan başga-da, ol gan akmasyny togtadýar. Onuň porrugyndan taýýarlanan melhem böwrekdäki emele gelen daşy aýyrmakda, şeýle hem bakteriýalar sebäpli dem alyş ýollarynda ýüze çykýan keselleri bejermekde ulanylýar.

Atgulagyň ter ýapraklarynyň şiresi göz perdesiniň ýaralarynyň hem emidir. Şeýle-de atgulagyň şiresi suwa garylyp ulanylsa, kesel dörediji stafilokoklaryň köpelmeginiň, iriňiň döremeginiň öňüni alýar. Atgulagyň ýapragyndan taýýarlanan melhemiň rahatlandyryjy, ukladyjy häsiýetleri bardyr. Onuň ýapragyndan demlenen çaýlar dem alyş ýollarynyň nemli gatlagynyň tirpildeýän kirpijekleriniň işjeňligini artdyryp, bronhial nemleriň işlenip çykarylmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa öz gezeginde gakylygyň ýumşap, üsgürilende bronhlardan daşa çykmagyna ýardam berýär. Atgulak ýapraklarynyň gan basyşyny peseltmek häsiýeti hem bardyr. Sebäbi ondan taýýarlanan melhemler gan damarlaryny giňeldýär, gan basyşyny peseldýär we baş aýlanmasyndan gutulmaga ýardam berýär.

Bu günki gün ýurdumyzdaky dermanhanalaryň ählisinde ýörite gaplara gaplanan käkilik oty, narpyz, çopantelpek, atgulak, itburun, buýan ýaly ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk serişdeler bar. Munuň özi gözel tebigatymyzdaky ösümlikleriň ählisiniň dertlere dermandygyny görkezýär. 

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info