Manty — bereketli saçagymyzyň bezegi

MilliInfo

28 Mart, 2026

Türkmen saçagynyň lezzetli tagamlarynyň biri-de mantydyr. Türkmenlerde mantynyň etli, etli-kädili, kädili, ýeralmaly (kartoşkaly) we otly görnüşleri bolup, biz milli tagamlarymyzyň uly toplumyny özünde jemleýän «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan mantynyň taýýarlanyşy hakyndaky gymmatly maglumatlary ildeşlerimiz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Gerekli önümler:

  • 1 kg et

  • 800 gram un

  • 2 ýumurtga

  • 500 gram düýp sogan

  • 200 gram guýruk ýagy

  • 100 gram gatyk

  • 200 gram mesge

  • Islege görä duz we burç.

Taýýarlanyşy:

Hamyr hamyrmaýasyz, ýumurtga goşulyp, gatyrak ýugrulýar. Etiň ýagly we çylka ýerlerinden alyp dogramaly ýa-da ony et üweýji maşyndan geçirmeli. Ete goşuljak sogan elde maýdaja dogralsa ýerlikli bolýar. Hamyry ýaýyp bolanyňyzda, olaryň her biriniň diametri 10 santimetr bolar ýaly, inedördül görnüşde kesişdirmeli. Oňa taýýar dürüşdäni salyp büküşdirmeli. Dogralan pomidor salsaň, nahar tagamyna gelýär. Bükülip taýýar edilensoň, ony ýörite manty pitisiniň tabaklarynda ýerleşdirmeli. Ýapyşmazlygy üçin tabaklara ýag çalynýar. Soňra manty salynjak pitä suw guýup, oduň üstünde goýmaly. Manty 45 minutda oňat bişýär. Daşyna ýag çalyp, saçaga ýerleşdiseňiz, ýany bilen bolsa gatyk ýa-da gaýmak goýsaňyz, ol işdämenlik bilen iýler.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info