Älemgoşar mysaly kebelekler

MilliInfo

4 sagat öň

Gözel tebigatyň täsin reňkleri, al-elwan gülleridir jana şypaly howasy, täsin saýraýan guşlary, adam saglygyna peýdaly ösümliklerinden başlap, dürli öwüşgünli reňke eýe bolan kebelekleri ynsan kalbyny heýjana getirýär.

Kebelege il arasynda perwana hem diýilýär. Kebelekler özüniň dürli öwüşgünli täsin reňleri bilen tebigatyň gözelligine gözellik goşup, göreni haýrana goýýar. Kebelekleriň dünýäde 200 müňe golaý görnüşi bardyr. Olar diňe birnäçe gün ýaşaýarlar. Kebelekleriň diňe birnäçe görnüşi 6 aýdan 10 aýa çenli ýaşap bilýärler. Kebelekleriň hem arylaryňky ýaly, tebigata uly peýdasy bardyr. Olar edil arylar we beýleki mör-möjekler ýaly gülleri tozanlandyrýarlar hem- de özleri hem gülleriň şiresi bilen iýmitlenýärler. Kebelekleriň täsinligi olaryň tagam duýujylyk organlarynyň aýaklarynda ýerleşenligindedir. Olaryň kiçijek piliň holtumyna meňzeş holtumjyklary bolup, şonuň kömegi bilen gülleriň şiresini sormak arkaly iýmitlenýärler. Kebelekleriň ganatlarynda ýerleşýän reňkler we şekiller birmeňzeşdir. Bu jandarlar Gyzyl kitaba girizilendir. Olar diňe üç reňki saýgaryp bilýärler: sary, ýaşyl we gyzyl. Kebelekler eşitmeýärler, ýöne olaryň duýujylyk organlary örän gowy işleýär, olar hereketi gaty gowy duýýarlar.

Kebelekler iýmit hökmünde-de ulanylýar. Hytaýda kebeleklerden süýji tagamlar taýýarlanylýar. Ýene-de bir täsin aýratynlygy olaryň gany ýokdur. Olar lukmançylykda hem giňden peýdalanylýar.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info