Adriatik deňziniň kenarynda howanyň ýaramazlaşmagy sebäpli, Italiýada «Aşyklaryň geçelgesi» atly gaýa çökdi. Bu meşhur syýahatçylyk merkezi Apuliýa sebitinde (ýurduň günorta-gündogarynda) ýerleşýär.
Waka 14-nji fewral gijesi, Walentin güni bolup geçdi. Bu hadysa güýçli ýel sebäp boldy.
«Aşyklar geçelgesiniň» ýykylmagy howanyň üýtgemeginiň netijesidir, bu biziň sebitimize çynlakaý täsir edýär we kenarýakalarymyzyň ejizligine we yzygiderli ösüşine ünsi çekýär» diýlip, ýerli häkimiýetleriň beýanatynda aýdylýar.
Apuliýanyň infrastruktura geňeşçisi Raffaele Piemontese şol waka bilen baglylykda, Italiýanyň «jemgyýetçilik ýadyny, peýzažyny we özboluşlylygyny» ýitirendigini aýtdy.
«Torre Sant'Andrea» gaýasy aşyklar üçin meşhur syýahatçylyk ýerine öwrülipdi. Ýerli rowaýata görä, gaýanyň aşagynda duşuşan jübütler ebedi söýgini tapýarmyşlar.
Show more