Erikgül

MilliInfo

2 sagat öň

Ir döwürlerde bir aşyk-magşuk ýaşapdyr. Olar bir-biregi jandan eziz görüpdirler. Obanyň çetindäki erik baglarynyň saýasynda, dury çeşmäniň boýunda pynhan-pynhan duşuşýan ýaşlar ykballaryny birikdirip, toý tutmagy arzuw edipdirler. Aşyk oglan öz ýasan agaç önümlerini satyp, toý harajadyny almak üçin kerwene goşulyp Çyn-Maçyna gitmegi ýüregine düwüpdir. Ýigit soňky gezek duşuşanda magşugyna sapardan gelenden soň, hossarlaryny sawçylyga ugratjakdygyny aýdyp: «Men nesip bolsa,erik güllände gelerin» diýip hoşlaşypdyr.

Aýlar geçipdir, erik gülläpdir. Magşuk gyz şol öňki duşuşyk ýerine gelip, ýaryna garaşypdyr. Ýöne ýigit wagty bilen dolanmandyr. Gyz bir seretse, erik gülleri düşüp barýarmyş. Ol düşüp gutarmanka şol gülleriň owadanlygyny keşdä salmagy niýet edipdir. Şeýdip, ilkinji «Gül» keşdesi döräpdir.

Aşyk ýigit gijigip erik bişende dolanypdyr. Ýöne söwdasy oňup, toý tutmaga harajatyny hem ýygnap gelipdir. Gyz bolsa öz toý lybaslarynyň esasy nagşyny güllerden edipdir. Toý gününde açylyp duran erik güllerini gören myhmanlar bu nepis sungatyň – el hünäriniň gudratyna haýran galyp, oňa «erikgül» diýip at goýupdyrlar.  

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info