Şu ýyl «Ýedi Patyşalygyň esgeri» fantastik serialy «Tagt oýunlarynyň» älemini giňeltdi. Birinji möwsümiň çykmagyndan öň hem serialyň ikinji möwsüme uzaldylmagy onuň kino muşdaklarynyň sabryny synajakdygynyň alamatydyr. Häzirki wagtda surata düşüriş işleri dowam edýär we onuň şu tomusda tamamlanmagyna garaşylýar. Dedlaýn ýakynda ikinji möwsümiň surata düşüriş işleriniň iýun aýynda tamamlanjakdygyny tassyklady.
«Ýedi Patyşalygyň esgeri» «HBO Max striming» hyzmaty tarapyndan görkezilýär. Alty bölümden ybarat birinji möwsümiň ilkinji görkezilişi 18-nji ýanwarda boldy. Ikinji möwsümiň 2027-nji ýylda görkezilmegi meýilleşdirilýär.
Taslama ýazyjy Jorj R.R.Martiniň powestlerine esaslanýar. Wakalar «Tagt oýunlary» teleserialyna ylham beren «Buz we ot aýdymy» kitap tapgyrynyň äleminde bolup geçýär. Powestleriň wakalary «Buz we ot aýdymynyň» wakalaryndan, takmynan 90 ýyl öň bolup geçýär. Sýužet gezýän esger Dunkan we onuň skweri Egg baradadyr. Filmde Dunkanyň keşbini Piter Klaffi, Eggiň obrazyny bolsa Dekster Saul Ansell janlandyrýar.
Şeýle hem şol bir älemde bolup geçýän «Aždarhanyň öýi» fantastik serialynyň üçünji möwsümi şu ýylyň iýun aýynda görkeziler. «Aždarhanyň öýi» 2028-nji ýylda görkeziljek dördünji möwsüm bilen tamamlanar.
Show more