Şowlulygy hemra edineýin diýseň...

MilliInfo

4 sagat öň

Şowlulyk getirýän güller. Gündelik durmuşda otag güllerini ösdürip ýetişdirmek bilen içgin gyzyklanýanlar haýsy gülleriň şol öýe şatlyk, baýlyk getirýändigini bilýändirler. Hünärmenler baýlygy, şatlygy, üstünligi alamatlandyrýan kaktusy, gerany, krasulany öýde saklamagy maslahat berýärler.

«Jadyly» daşlar. Tebigatda duş gelýän daşlaryň her biriniň özboluşly häsiýeti, kesel bejerijilik täsiri bolýar. Şeýle daşlara pöwrize, rubin, gyzyl ýaşma, ýantar, mähek ýaly görnüşler degişli bolup, şol daşlardan ýasalan şaý-sepleri dakynmagyň şowlulyk getirýändigine ynanylýar. Daşlaryň şeýle häsiýetlerini öwrenýän ylma litomagiýa diýilýär.

Şowlulyk getirýän sanlar. Sanlary öwrenýän bilermenleriň pikiriçe, sanlaryň içinde 7-lik san şowly hasaplanýar. Şeýle-de doglan günüň senesi şol ýyldyzlaryň astynda dünýä inendigiňizi aňladyp, her ýyldyzyň özüne degişli şowly sanlary bolýar.

Ruhubelentlik eçilýän reňkler. Esasan hem, reňkleriň arasynda gyzyl reňkiň energiýa beriji bolup, şowlulyk döredýändigi bellenilýär. Şol sebäpli hem, köp ýerlerde islendik bina ýa-da desga açylanda gyzyl reňkli lenta kesilýär we bu adat şol ýere üstünlik, şowlulyk getirýär diýlip ynanylýar. Ýaşyl saglyk getirýän, girdejini artdyrýan reňk hasaplanylýar. Şeýle hem dürli ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň özleriniň ynanýan, ruhy ýagdaýyna täsir edýän reňkleri bolýar.

Şatlyk paýlaýan sazlar. Gündelik durmuşda köp adamlar dürli sazlary diňlemegi halaýarlar. Saz sungaty özüniň köpdürliligi bilen tapawutlanyp, onuň islendik görnüşi adamyň ruhy dünýäsine täsir edýär. Rahatlandyryjy sazlar ynsanyň kalbyny asuda edýär, şadyýan sazlar bolsa adamyň şähdini açyp, ruhuny göterýär.

Üstünlige ruhlandyrýan suratlar. Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösmegi bilen, gündelik durmuşda ulanylýan ykjam telefonlaryň ýa-da kompýuterleriň ekranynda, iş otagynda her adam islegine görä dürli suratlary ýerleşdirýär. Bu suratlara günüň dowamynda 150-200 gezek seredilende, adamyň aňynda surata görä dürli pikirler jemlenýär. Meselem, täze zähmet ýoluna gadam basan ýaşlara bürgüdiň belentlikdäki suratynyň, gözellik we rahatlyk isleýänlere kebelegiň, ofislerde işleýänlere bolsa iş ýerlerinde, köplenç, maşgala suratlarynyň goýulmagynyň uly täsiriniň bardygy öňe sürülýär.

Aslynda, üstünligiň açary biziň özümizde jemlenendir. Üstünlik ynamdan başlanýar. Özüňe bolan ynam üstünlige barýan ýoldur. Çünki iň uly üstünlik islendik işde şowlulygyň ýar boljakdygyna bolan belent ynamdyr we şol ynama bolan garaýyşdyr.  

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info