Sarymsagyň peýdasy barada çagalykdan bäri hemmemiz bilýäris. Halk lukmançylygynda ol sowuklama garşy göreşmek üçin ulanylýar. Aşpezlikde sarymsak tagamlara ajaýyp ys we öwüşgin berýär. Emma onda heniz doly derejede bilmeýän täsirlerimiz hem bar.
Takmynan, 30 ýyl mundan ozal geçirilen amerikan barlaglarynda sarymsagyň beýnä ýaramaz täsir edip biljekdigi ýüze çykaryldy. Onuň düzüminde bolan sulfanil gidroksil iony nerw öýjüklerine zäherli täsir edýär we reaksiýa tizligini birnäçe esse peseldýär.
Sarymsak iýmit siňdirişe hem uly täsir edýär. Aşa köp mukdarda iýilse, aşgazanyň we içegeleriň içki örtügini gyjyndyrýar, bu bolsa dowamly ulanylanda gastrit ýa-da ýaralara sebäp bolup biler.
Geň galdyryjy zat, sarymsak botulizm keselini dörediji üçin amatly gurşawy emele getirýär. Bu onuň kükürtli tebigaty we çyglylygy saklamak ukyby bilen ýeňilleşdirilýär.
Bilermenler sarymsagyň gandaky holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýändigini, munuň bolsa ateroskleroz we beýleki ýürek meseleleriniňtöwekgelçiligini azaldýandygyny belleýärler.
Show more