Adam bedeni lukmançylyk tehnologiýalarynyň ösen döwründe hem haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Alymlar biziň bedenimiziň üýtgeşik hasaplanýan täze aýratynlyklaryny açýarlar. Onuň käbir üýtgeşik aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň.
Adam organizmi açlyga 30-40 güne çenli, suwsuzlyga 3-5 güne çenli, howasyzlyga bolsa 6 minuda çenli çydap bilýär.
Adam bedeni bütin ömrüniň dowamynda, takmynan, 450 kilogram gyzyl gan öýjüklerini öndürýär. Has gyzykly ýeri bolsa biohimiki düzümi boýunça gan plazmasynyň deňiz suwuna meňzeşdigi bilen baglydyr.
Erkek adamyň ýüregi aýalyňkydan biraz haýal urýar.
Adamyň iň uly organy deri, iň agyr organy bolsa bagyrdyr.
Deriniň ýüzünde, takmynan, 32 000 000 bakteriýa ýaşaýar.
Adam bedeninde takmynan 72 km nerw bar.
Burun 50 000 dürli ysy tanamaga we ýatda saklamaga ukyplydyr.
Adam bedeninde 650-den gowrak myşsa bar.
Eger ähli myşsalaryň güýjüni birbada ulanyp bolsa adam bedeni 25 tonna çenli ýüki göterip bilerdi.
Dil bedeniň iň güýçli myşsasy hasaplanýar.
Bütin ömrüniň dowamynda adamyň saçlary 950 kilometrden gowrak ösýär.
Eşidiş ukybynyň peselmeginiň esasy sebäplerinden biri aşa agyr iýmitlenmek bolup biler.
30 ýyldan soň adamyň boýy kem-kemden peselip başlaýar.
Adamlaryň 30 %-inden gowragy ýagtylykda asgyrýarlar. Şunda gözüňi açyp asgyrmak fiziki taýdan mümkin bolmadyk närse hasaplanýar.
Ýürek ynsan ömrüniň dowamynda, takmynan, 6 million litr gan işläp çykarýar.
Show more