Geliň, pizza taýýarlamagyň örän gyzykly syrlaryny açalyň. Ol etsiz taýýarlanylýandygyna garamazdan, diýseň tagamly bolup çykýar.
Adaty pakmaýaly hamyryň ýerine maýasyz gatlakly hamyr ulanýarys. Ol ýeňil ýaýylyp, pergament bilen örtülen bişirme tabagyna goýulýar. Onuň nusgawy tegelek görnüşde bolmagy hökman däl. Şunlukda, taýýarlaýan tagamymyzyň gabygy, ýagny daşy kibirdäpjik dirar, içi bolsa ýumşak bolar.
Soňra pizzamyzyň üstüne goşundy taýýarlaýarys. Hawa, ol örän ýönekeý. Kömelekler minimal mukdarda ýag bilen öňünden gyzardylýar, duzlanýar, burçlanýar we biraz kömelek tagamy goşulýar.
Pomidor sousynyň ornuny tutýan esasy önüm ak beşamel goýultmasydyr. Ol bary-ýogy birnäçe minutda bişýär we pizzany has şireli edýär. Goýy sous hamyryň üstüne ýaýradylýar, üstüne sürtgüçden geçirilen peýnir, soňra bolsa kömelekler goşulýar.
Pizzany peçde 200 gradus gyzgynlykda, takmynan 20 minut bişiriň. Onda näme, dadyp görmäge taýýar boluň! Haýran galdyryjy ýumşak, baý we örän tagamly pizzanyň tagamy hakydaňyzda ebedi galar.
Show more