Haýsy içgiler saglygy we ýaşlygy saklamaga kömek edýär?

MilliInfo

11 sagat öň

Näme bilen iýmitlenýändigimiziň möhüm bolşy ýaly, näme içýändigimiz hem şol derejede ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, tejribeli lukmanlar iň sagdyn içgileri kesgitlediler.

Şeýlelik bilen, sagdyn içgi tertibiniň esasyny arassa suw düzýär. Ony içmek beýleki önümlerden has peýdaly: suw iýmit siňdirişi gowulandyrýar, iýmit maddalaryny özleşdirmäge kömek edýär we toksinleri aýyrýar. Ýeterlik suw kabul etmek bilen ähli ulgamlar we organlar gowy işleýär.

Täze sykylan miwe şireleri hem örän peýdalydyr: olar witaminleriň we minerallaryň iň köp mukdaryny saklaýar. Çernika şiresi göz üçin möhümdir we antosiýaninler bilen baglylykda, ýaşardyjy täsire eýedir.

Nar şiresi ýüregi we gan damarlaryny goldaýar, gan düzümini gowulandyrýar we damar diwarlaryny berkidýär. Şugundyr şiresi bedeni agyr metallardan arassalaýar we zyýanly bakteriýalary basyp ýatyrýar.

Ýaşyl çaý hem örän peýdalydyr. Ol garramagy haýalladýan we öýjükleri oksidatiw stresden goraýan antioksidantlara baýdyr.

Tebigy kofe barada hem ýatdan çykarmaň — onuň düzüminde kofein kislotasy bar. Bu bolsa deriniň berk we elastik bolmagyny üpjün edýän kollagen öndürilişini höweslendirýär. Mundan başga-da, kofe erkin radikallaryň zyýanly täsirlerini neýtrallaşdyrýan antioksidantlara baýdyr.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info