Başgalaryň sen hakda näme pikir edýändigine üns bermegi bes et: bir gezek we hemişelik ýüz öwürmeli häsiýet

MilliInfo

11 sagat öň

Hemmämiz jemgyýetde ýaşaýarys. Isleseňiz hem, islemeseňiz-de, jemgyýet siziň dünýägaraýşyňyza, özüňizi alyp barşyňyza we ileri tutýan ugurlaryňyza täsir edýär. Bularyň hemmesi düşnükli, ýöne başgalaryň ýörelgelerine laýyk gelmäge synanyşyp, özüňizi ýitirmegiň öňüni nädip alyp bolar?

«Бизнес. Психология. Деньги» («Biznes. Psihologiýa. Pul») kanaly bu tema barada hödürlän söhbedinde meşhur jümläni mysal getirdi: «Bu gün men başgalaryň men hakda näme pikir edýändigine üns bermegi bes etdim. Şonda durmuş ýeňilleşdi».

Bu dogry söz, ýöne eger siz, hakykatdan hem, adam kadalary barada pikilenip, başgalaryň çäklerinden çykmadyk ýagdaýyňyzda dogry bolar.

Şeýlelik bilen, siz hiç haçan hemmeleriň göwnünden turup bilmersiňiz. Hemmeleriň göwnünden turmaga synanyşyp, wagtyňyzy we güýjüňizi sarp etmek akylsyzlykdyr we bu çemeleşme siziň şahsy pikiriňiziň bolmagyny bes etmegiňize getirýär: siz özüňizi adam hökmünde ýok edýärsiňiz we kölegä öwrülýärsiňiz.

Bagt öz-özüňiz bilen sazlaşykly bolmak arkaly gazanylýar. Başgalaryň pikirleri bolsa köplenç siziň ösüşiňize päsgel berýär.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info