Eger diwar kagyzyňyzda tegmiller bar bolsa we tutuş otagyň diwar kagyzyny täzeden ýapmak pikiri gymmat düşýän bolsa, howsala düşmäň. Dermanhana çözgüdini ulanyp, diwarlaryňyzy asyl arassalygyna gaýtarmagyň ýönekeý, ýöne netijeli usuly bar. Iň esasysy, bu bäş minutdan köp wagt almaýar. Žurnalistler bu usulyň nähili we näme üçin işleýändigini anykladylar we arassaçylyk boýunça hünärmeniň bu baradaky pikirini soradylar.
Diwar kagyzyny çalt we howpsuz arassalamak üçin size bary-ýogy birnäçe elýeterli maddalar gerek bolar: Spirt (70% ýa-da 96%), azajyk arassa suw, pagta bölekler we gurak mata. Bu çözgüt ýagyň, hapaçylygyň, syýanyň we hatda kömelekleriň yzlaryny hem aýyrýar — bularyň hemmesini bezeg örtügine zyýan ýetirmezden, amala aşyryp bolýar. Esasy zat dogry tehnikany berjaý etmekdir.
«Spirt güýçli, ýöne ýumşak ergin bolup, diwar kagyzlarynyň köpüsi üçin howpsuzdyr, esasan hem, suw bilen dogry gatnaşykda garylanda. Ol tegmilleri netijeli aýyrýar, yz galdyrmaýar» diýip, öý hojalyk himiki serişdeleri we arassalaýyş boýunça bilermen we Moskwanyň «Clean and Simple» arassalaýyş kompaniýasynyň direktory Irina Gromowa düşündirdi.
Ergini taýýarlamak üçin 50 ml spirti 50 ml suw bilen garyşdyryň. Netijede dörän garyndyny pagta diskine çalyň we tegmiliň dörän ýerini ýuwaşlyk bilen süpüriň. Güýçli sürtmezlik möhümdir; ýumşak aýlawly hereketler ýeterlikdir. Soňra ýüzüni gurak mata bilen süpüriň - tegmiller ýitip gider.
Bu usul, esasan hem, çyglyga çydamly örtügi bolan winil we dokumasyz diwar kagyzlarynda gowy işleýär. Emma hatda adaty kagyz diwar kagyzlarynda hem seresaply ulanylanda, zeper ýetmek howpy bolmazdan, ajaýyp netijeleri gazanyp bolýar.
Irina Gromowanyň sözlerine görä, tutuş diwary arassalamazdan öň, ergini kiçi, göze ilmeýän ýerde synagdan geçirmek iň gowusydyr: «Käbir diwar kagyzlary, esasan hem, durnuksyz boýaglar bilen boýalan bolsa spirte dürli reaksiýa berip biler. Ýöne köp halatlarda bu usul doly howpsuz we örän netijelidir».
Spirtiniň antiseptik häsiýetlere eýe bolmagy goşmaça artykmaçlykdyr: ol diňe bir hapaçylygy aýyrmak bilen çäklenmän, eýsem, diwaryň ýüzüni dezinfeksiýa edýär, esasan hem, aşhana ýa-da hammam ýaly ýokary çyglylykly ýerlerde kömelekleriň ösmeginiň öňüni alýar.
Show more