Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

MilliInfo

2 sagat öň

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi Türkiýäniň syýahatçylygy ösdürmek we mahabatlandyrmak agentligi (TGA) bilen bilelikde ýurduň ähli künjeginde syýahatçylyk işleriniň bökdençsiz, adaty tertipde amala aşyrylýandygyny tassyklaýarlar.

Şunda Ýakyn Gündogaryň aýry-aýry sebitlerindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýän pursadynda Türkiýäniň Ortaýer deňzi döwleti hökmünde bu gapma-garşylyklara gatnaşyjy tarap däldigi aýratyn bellenilýär.

Dünýäde iň köp barylýan ýerleriň hataryna girýän meşhur syýahatçylyk ugurlary, şol sanda Stambul, Antalýa, Bodrum, Izmir we Kappadokiýa Ýewropadan, Demirgazyk Amerikadan we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden gelýän myhmanlary bökdençsiz kabul etmegini dowam etdirýär.

Aşakda görkezilen üç maglumat häzirki wagtda amala aşyrylýan işleriň hakyky ýagdaýyny aýdyň görkezýär.

Türkiýedäki ýagdaý barada 3 maglumat

1.Türkiýede dynç alyş işleri adaty tertipde ýola goýuldy

Ýagdaý üýtgewsizligine galýar: Türkiýäniň çägindäki her bir şypahana, myhmanhana, ekskursiýa maksatnamasy we syýahatçylyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri bellenen tertipnama laýyklykda, doly güýjünde alnyp barylýar.

Ýurduň bütin çägi boýunça desgalaryň ýapylmagy, işdäki bökdençlikler ýa-da hökümet tarapyndan girizilen syýahatçylyk işine degişli nähilidir bir çäklendirmeler hasaba alynmady.

2.Türkiýäniň howa menzillerinde ähli gatnawlar tertipnama laýyklykda amala aşyrylýar

Stambulyň, Antalýanyň, Bodrumyň, Izmiriň halkara howa menzilleri we ýurduň beýleki esasy howa gatnawlary boýunça nokatlary adaty tertipde işleýär.

Sebitdäki wakalar sebäpli, Türkiýäniň hiç bir howa menziliniň ýapylmagy, işine çäklendirmeleriň girizilmegi ýa-da gatnawlaryň ugrunyň üýtgedilmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykmady. Türkiýä uçuşlary amala aşyrýan awiakompaniýalar agzalan gapma-garşylyk bilen baglylykda, gatnawlaryň ýatyrylmagynyň asla hasaba alynmandygyny habar berýärler.

3. 2026-njy ýylyň tomus dynç alyş möwsümi üçin satuwlar açyk

Tur opoperatorlara, onlaýn syýahatçylyk agentliklerine (OTA) we degişli sargytlar (bronlamak) boýunça hyzmatdaşlara 2026-njy ýylyň tutuş tomus möwsümi üçin Türkiýä bolan syýahatçylyk gezelençleriniň işjeň satuwyny amala aşyrmak maslahat berilýär.

Geografiki ýagdaýa dogry baha berýän syýahatçylaryň arasynda isleg durnukly ýokary derejede galýar. Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hyzmatdaşlara zerur bolan maglumatlary, resmi teswirlemeleri we hasabatlary ýüz tutma esasynda hödürlemek bilen, maglumat goldawyny bermäge taýýardygyny tassyklaýar.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info