Ýаgyşly gün seni ýatlap ...

MilliInfo

1 sagat öň

Ýene-de daşarda ýagyş. Gojaman asman kalbynyň töründe saklaýan bar derdini göz ýaşlary bilen ýuwýar. Şol pursat aýnada nagyş ýasaýan damjalara syn edeniňde täsin duýgularyň dünýäsine aralaşýaň. Daşary bilen içeriniň arasynda serhet goýan aýnanyň ýüzüne barmaklaryň bilen şekilleri çyzanyňy-da duýman galýarsyň. Eliň aýnada şekil çekýänem bolsa, aňyň kalbyň töründe täsirli wakalary täzeden janlandyrjak bolup dyrjaşýar. Munuň ählisi asman şalygyndan ýere inýän jadyly damjalaryň güýji bolmaly.

Bu ýagyş yşkyň syrly dünýäsine aralaşan ynsanlaryň ýürek tarlaryny kakyp, galamyny ganatlandyrýar. Bu ýagdaýy söz bilen beýan aýtmag-a däl, eýsem, şygyrlarda taryp etseň-de bärden gaýdýar diýleni. Şonuň üçin hem, ýagyşly gün ençeme şahyrdyr ýazyjylaryň şygyr diwanynda amynasyp ornuny tapypdyr. Çünki bu günüň adama berýän lezzeti başgaça...

Seret, ýene dynman ýagyş ýagyp dur,

Gursagyn giňedip, rahatlyk üçin.

Joşup, joşup ses edipler ýagýar ol,

Nurly dideleriň ýatlatmak üçin.

 

Bu ýagyş has beter özüne çekdi,

Bilmedim, belki-de maňa şeýledir.

Ýagşyň heňi ýada saldy owazyň,

Göresim gelipdir seni şeýlebir.

 

Göz öňümden hiç gidenok henizem,

Maýyl eden keman gara gaşlaryň.

Mähir bilen aýdan şirin sözleriň,

Gül kimin bezedi juwan ýaşlygym.

 

Şu günki ýagyşa nazaryň dikip,

Umyt edýän senem meni ýatlaýaň.

Meň bolsa aňyma baky ornapdyr,

Seniň sowgat eden süýji ýatlamaň...

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info